Futbolçy Russiýanyň Kubogynyň oýnunda penaltiden üýtgeşik gol geçirdi

  • 07.08.2025 16:27
  • 20k+

Russiýanyň Kubogy Fonbet-iň birinji raundynyň Krasnodar ülkesinden höwesjeň futbol kluby “PSK” bilen Maýkopdan “Družba” toparynyň arasyndaky oýnunda täsin ýagdaý bolup geçdi.

“Sport Mail-iň” habar bermegine görä, oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňiji penalti tapgyrynda kesgitlendi. Ol “PSK-nyň” peýdasyna 10:9 hasabynda tamamlandy.
Üýtgeşik pursat “PSK-nyň” oýunçysy Ýuriý Fedoseýew 11 metrden topy degen wagty bolup geçdi. Top derwezäniň ýokarky bölegine degip, ýokary uçdy. “Družbanyň” derwezebany Maksim Wertiýew eýýäm begenip başlapdy, ýöne top ota düşüp, birden hem derwezä girdi.
Bu gol “Матч ТВ” saýtynyň ýaýlym teswirçilerinde uly täsir döretdi.

“Söýeg halas edýär… Ýok, bu gol! Nämeleriň bolýandygyny göz öňüne getirip bilýäňizmi? Bu akyla sygmajak! Men şular ýaly zatlary wideolarda görüpdim, ýöne ýeke gezek hem gözüm bilen görüp, teswir bermedim. Nämeler bolýar? Ine, bu şüweleň!” – diýip, Wladislaw Rodnikow aýtdy.


düýn 15:42
5.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......