ABŞ-da 1994-nji ýylda doňdurylan düwünçekden çaga dünýä indi

  • 01.08.2025 14:49
  • 19k+

ABŞ-da 31 ýyl mundan ozal doňdurylan düwünçekden çaga dünýä indi. Bu barada MIT Technology Review ylmy žurnaly habar berýär.

Ogaýo ştatyndan är-aýal 1994-nji ýylda ekstrakorporal tohumlandyrma (ECO) prosedurasynyň netijesinde döredilen düwünçegi ulanmak kararyna geldi. Şol wagt lukmanlar dört düwünçek aldy: olaryň biri şol bada ulanyldy – implantasiýadan soň gyzjagaz dünýä indi. Galan üç düwünçegi aýal doňdurmak kararyna geldi, ýöne ahyrynda olary düwünçekleri saklamaga we bermäge ýöriteleşen hristian agentligine berdi.
Žurnalyň maglumatlaryna görä, şeýle agentlikler düwünçekleri “ogullyga almaga” mümkinçilik berýär. Agentlikde donorlar we öweý ene-ata düwünçegiň kime beriljekdigini bilelikde çözýär. Düzgüne görä, şeýle guramalar etiki garaýyşlardan ugur alyp, doňdurylan düwünçegi eýýäm doly derejeli adam ömri diýip hasaplaýar. Şonuň üçin olar düwünçege biologiki material ýaly däl-de, heniz dogulmadyk çaga ýaly seredip, oňa hakyky çagalara bolşy ýaly hormat we ahlak kadalary bilen garamalydygyny öňe sürýär.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....