ABŞ-da çakan 829 kilometrlik ýyldyrym dünýäde iň uzyn ýyldyrym diýlip ykrar edildi

  • 03.08.2025 17:44
  • 16k+

BMG-niň Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň hünärmenleri dünýäde iň uzyn ýyldyrymy hasaba aldy. Ol 2017-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda ABŞ-nyň asmanynda çakdy we Gündogar Tehasdan Kanzas-Siti töwereklerine uzady diýip, Space.com ýazýar.

Ýyldyrymyň uzynlygy 829 kilometr boldy (plýus-minus 8 km ýalňyşlyk bilen). Bu bäş ýyl ozal hasaba alnan öňki rekorddan 61 km uzyndyr.
Ýyldyryma hemra maglumatlarynyň ilkinji seljermesinde üns berilmedi we diňe gaýtadan barlananda ýüze çykaryldy. Meteorologiýa guramasy onuň uzynlygyny Pariž bilen Wenesiýanyň arasyndaky aralyk bilen deňeşdirdi.
Meteorologlaryň maglumatlaryna görä, şeýle uzyn ýyldyrym Demirgazyk Amerikanyň Beýik düzlükleri üçin mahsus bolan güýçli tupan zolaklarynyň birinde dörän bolmaly. Ýyldyrym NOAA GOES-16 geostasionar hemrasy tarapyndan ýazga alyndy.
Bütindünýä meteorologiýa guramasy bu rekordyň tebigatyň “haýran galdyryjy güýjüni” görkezýändigini belledi. Şeýle hadysalara baha bermek adatdan daşary howa şertlerine ylmy gözegçilikde uly üstünlikleriň gazanylandygyny delillendirýär.


düýn 20:17
5.1k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

19.06.2026 10:08
3.5k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

16.04.2026 14:05
9.1k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......