ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

  • 16.04.2026 14:05
  • 9.1k+

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir etdi. Iň agyr weýrançylyklar Wiskonsin, Aýowa we Illinoýs ştatlarynda hasaba alyndy.

Sişenbe güni, 14-nji aprelde Wiskonsin we Aýowa ştatlary äpet tornadony başdan geçirdi. Birnäçe sebitlerde, şol sanda Medisonda diametri sekiz santimetre ýetýän doly ýagyp, binalara zeper ýetirdi. Aýowada şemalyň tizligi sagatda 141 km-e ýetdi, Wiskonsinde bolsa, harasat sebäpli 32 000-den gowrak adam elektrik energiýasyz galdy.

Ondan ozal, 13-nji aprelde Minnesota we Kanzas ştatlarynda iki adam tornadonyň pidasy boldy, ýaşaýyş jaýlary we wagtlaýyn sümelgeler weýran boldy. Garlaryň eremegi we çabga ýagyşlary sebäpli sil suwlarynyň gelmek howpy häzirem ýokarydygyna galýar.

2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde güýçli harasat gündogar ugruna hereketini dowam etdirip, Missisipi derýasynyň jülgesine ýetdi we birnäçe ştatda täze weýrançylyklara sebäp boldy.

16-njy aprelde howp zolagy Ogaýo derýasynyň jülgesine we ABŞ-nyň demirgazyk-gündogaryna (şol sanda Nýu-Ýorka we Täze Angliýa) tarap süýşýär.


düýn 14:57
5.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....