Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň liderleri Türkmenistana gelmegini dowam edýärler

  • 04.08.2025 19:55
  • 16k+

Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) myhmanlaryny kabul etmegini dowam edýär. Foruma BMG-niň agza döwletleriniň ýokary wezipeli wekilleri, halkara guramalarynyň hem-de işewür toparlaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza eýýäm Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Nepalyň Premýer-ministri Khadga Prasad Şarma Oli, Ugandanyň Premýer-ministri Robina Nabbanja, Malawiniň wise-prezidenti Maýkl Bizwik Usi, San-Tome we Prinsipiniň Prezidenti Karluş Manuel Wila Nowa, şeýle hem Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, ykdysadyýet we ösüş ministri Nýam-Osoryn Uçral geldi. Myhmanlary Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi wekilleri garşylaýarlar.
On ýyldan bir gezek geçirilýän bu maslahat öňki maksatnamalaryň netijelerini jemlemäge we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşi üçin täze ugurlary kesgitlemäge gönükdirilendir. Maslahatyň Gün tertibinde halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ulag baglanyşyklaryny ösdürmek, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek, ykdysady transformasiýa, howanyň üýtgemegine durnuklylyk we Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmek ýaly meseleler bar.
Maslahatda sanly integrasiýany giňeltmek, logistika we geografik çäklendirmeleri ýeňip geçmek meselelerine aýratyn üns berler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň merkezinde 2034-nji ýyla çenli niýetlenen Hereketleriň Awaza Maksatnamasy durýar.
Bu ugurdaky öňki maslahatlar 2003-nji ýylda Almatyda we 2014-nji ýylda Wenada geçirildi. Bu maslahata gatnaşýan döwletleriň umumy sany 32-ä deň.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......