Son Hyn Min «Tottenhemden» gidýändigi barada habar berdi

  • 02.08.2025 19:29
  • 16k+

Londonyň “Tottenhem” futbol klubunyň hem-de Günorta Koreýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Son Hyn Min iňlis toparyndan gidýändigini mälim etdi. Klubuň kapitany tomusky transfer döwründe topar bilen hoşlaşar diýip, Sky Sports habar berýär.

Futbolçynyň aýtmagyna görä, ol özüni täze synaglara taýýar hasaplaýar. Son 2015-nji ýyldan bäri London toparynda çykyş edýärdi.

"Maňa üýtgeşmeler gerek. 10 ýyl — bu uzak döwür. Demirgazyk Londona 23 ýaşly ýaş oglan bolup geldim, hatda iňlisçe gürläp hem bilemokdym. Indi bolsa bu kluby uly buýsanç bilen terk edýärin. Bu ýerden meniň aňymda ajaýyp ýatlamalar galdy" — diýip, ol metbugat ýygnagynda aýtdy.
“Tottenhemiň” janköýerlerine aýratyn sagbolsun aýdýaryn. Meni şeýle uly söýgi bilen gurşap alandyklary üçin minnetdar. Bu meniň durmuşymdaky iň kyn kararlaryň biri boldy, ýöne onuň wagtynyň ýetendigine ynanýaryn. Umuman, hemmeler maňa dogry düşüner diýip umyt edýärin" — diýip, Son Hyn Min belledi.


Geçen möwsümde koreýaly hüjümçi topary bilen ilkinji kubogyny — Ýewropa ligasyny gazandy. Umuman, ol “Tottenhem” bilen 454 oýna gatnaşyp, 173 gol geçirdi. Ol klubuň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda dördünji orunda durýar.
2021/22 möwsüminde Son Hyn Min bilen “Liwerpulyň” hüjümçisi Muhammet Salah Angliýanyň Premýer-ligasynyň iň gowy bombardiri diýen ada mynasyp bolupdylar. Olar 23 gol bilen bu ady paýlaşdylar.
Günorta Koreýanyň milli ýygyndysynda Son Hyn Min 134 duşuşykda 51 gol geçirdi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri onuň karýerasyny ABŞ-nyň MLS ligasynda — “Los-Anjelesiň” düzüminde dowam etdirjekdigini aýdýarlar.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......