Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 05.08.2025 01:56
  • 16k+

4-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

BMG-niň dünýä ähmiýetli meselelerini öz içine alýan, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýew Awazada geçirilýän halkara forumyň gatnaşygyna uly hormat hökmünde garaýandygyny nygtady.
Şu günki ýokary derejeli maslahatyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm çäresine öwrüljekdigi bellenildi.
Duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň utgaşykly ösdürilýändigi, özara söwda dolanyşygynyň yzygiderli artýandygy nygtaldy. Munuň özi goňşuçylyk gatnaşyklarynyň täze hil derejesine çykandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek meselesine aýratyn üns berildi.
Iki döwletiň Liderleri mähirli arzuw-alşyklaryndan soň, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine berk ynam bildirdiler. Duşuşykda Konferensiýanyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berlip, onuň netijeleriniň gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine itergi berjekdigi nygtaldy.


09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......