Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi.
Bu karar BMG-niň Baş Assambleýasynda geçirilen ses berlişigiň netijeleri boýunça kabul edildi. Ses berlişigiň dördünji tapgyrynda Gyrgyzystan 142 ses alyp, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletler toparyndan bu orun ugrunda bäsleşen Filippinleri yzda galdyrdy.
Şol bir wagtyň özünde Howpsuzlyk Geňeşiniň düzümine Awstriýa, Portugaliýa, Trinidad we Tobago, şeýle hem Zimbabwe saýlandy.
Dalaşgärleriň saýlanmagy üçin BMG-ä agza döwletleriň üçden iki böleginiň goldawyny, ýagny azyndan 127 sesi gazanmak talap edilýär.
Howpsuzlyk Geňeşi 15 döwletden ybaratdyr. Bäş ýurt — Beýik Britaniýa, Hytaý, Russiýa, ABŞ we Fransiýa hemişelik agzalar bolup, olaryň weto (gadagan etmek) hukugy bardyr. Galan on orun bolsa, saýlawlar arkaly iki ýyllyk möhlet bilen paýlanylýar.
Täze saýlanan döwletler ygtyýarlyk möhletleri 2026-njy ýylyň ahyrynda tamamlanýan Gresiýanyň, Daniýanyň, Pakistanyň, Panamanyň we Somaliniň ornuny tutarlar.
Howpsuzlyk Geňeşi halkara parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak baradaky esasy jogapkärçiligi durnukly ýerine ýetirýär. Käbir ýagdaýlarda Geňeş halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramak ýa-da ony gaýtadan dikeltmek maksady bilen, gadaganlyklary girizip ýa-da harby güýç ulanmaga rugsat berip hem bilýär.