Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 27.04.2026 02:06
  • 4.3k+

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Baş sekretar Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna guramanyň işine berilýän goldaw we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant üçin hoşallygyny bildirdi.

Taraplar parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy, şeýle hem ulag, energetika we ekologiýa ulgamlarynda durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Antoniu Guterriş sebitde durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň uly ähmiýetini belledi, şeýle hem Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähmiýetine ünsi çekdi. Ol Türkmenistanyň Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge goşýan goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Baş sekretar 2025-nji ýylyň awgustynda «Awazada» geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň maslahatyny ýakymly duýgular bilen ýatlady we guramanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......