Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

  • 24.04.2026 16:06
  • 1.6k+

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda 2026–2030-njy ýyllar üçin niýetlenen Ýurt boýunça maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Taraplar döwlet dolandyryşy, sanlylaşdyrma, ykdysady ösüş we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda bilelikdäki başlangyçlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny belledi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny 2027-nji ýylda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýokary derejedäki Syýasy forumynyň çäklerinde hödürlemäge taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem DÖM-i maliýeleşdirmegiň döwrebap gurallaryny ornaşdyrmakda Açyk söhbetdeşlik formatynyň netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar durmuşa geçirilýän taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we pudagara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak barada ylalaşdy.


şu gün 07:51
662

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
903

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......