Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 20.04.2026 21:27
  • 2.8k+

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary boldy. Gepleşikleriň dowamynda ählumumy howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk we siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmek meselelerine garaldy.

Ministr Raşid Meredowyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşygynda ýadro ýaraglarynyň ýaýramazlygy we ýaragsyzlanmak prosesleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň bu Şertnamanyň ýörelgelerine ygrarlydygy bellenilip, Şertnamanyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýurtda sebit çärelerini geçirmegiň hem-de halkara monitoring ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şeýle hem milli hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri öwrenildi.

Saparyň çäklerinde geçirilen indiki duşuşyk Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula bilen boldy. Taraplar türki döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 2024-nji ýylda bu Birleşige kabul edilmeginiň ähmiýetini nygtady. Gepleşikleriň özeni bu formatdaky ýurtlaryň arasynda bilelikdäki önümçilik zynjyrlaryny döretmek meselelerine gönükdirildi.

Şeýle-de, Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda parahatçylyk medeniýetini ilerletmek we siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmek barada pikir alşyldy. Türkmen tarapy ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesiniň netijeli halkara gatnaşyklary we özara düşünişmegi berkitmekde täsirli gural bolup hyzmat edýändigini ýene bir gezek tassyklady.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......