Täze Toyota Sienta miniweni ýatylýan otaga, ofise ýa-da dynç almak üçin ýere öwrülip bilýär

  • 09.08.2025 18:33
  • 18k+

Toyota Ýaponiýada ykjam Sienta miniweniniň Juno ady bilen salonyny üýtgedip bolýan täze wersiýasyny hödürledi. Üçünji oturgyç hatarynyň deregine awtomobilde salony dürli maksatlar bilen üýtgedip gurmaga mümkinçilik berýän modul elementleri ýerleşdirildi.

Alyjylar dört taýýar toplumdan birini alyp biler: dynç alyş, uky, iş ýa-da myhman kabul etmek üçin. Şeýle-de, islege görä bäş aýratyn moduldan interýeri özbaşdak ýygnamak mümkinçiligi bar.
Awtomobil Toyota Yaris-iň TNGA-B platformasyna esaslanýar. Ol gibrid hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy we öňdäki hem yzdaky herekete getiriji bilen hödürlenýär.
Salon çyga we yslara durnukly mata bilen örtüldi. Mundan başga-da, interýerde yşyk diodly yşyklandyryş, ýörite halyçalar we Juno nyşany bar.
Sienta Juno-nyň başlangyç bahasy 3,65 mln ýena (takmynan, 24 800 dollar) barabar. Goşmaça mebel üçin ýene 2200 dollar tölemeli bolar.
Model şäher şertlerinde ykjam rahatlyga islegiň artýandygyny görkezýär. Sienta Juno awtomobili diňe bir gezelenç üçin däl, eýsem ýaşamak we işlemek üçin çeýe giňişlik hökmünde ulanmak isleýänler üçin tüýs laýykdyr.


düýn 21:15
2.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....