Awazada BMG-niň maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi

  • 09.08.2025 08:23
  • 9k+

8-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we BMG-niň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.

Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň wekiliýet ýolbaşçysy — wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň nygtaýşy ýaly, maslahatyň geçirilýän günlerinde Awaza raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi, bu ýerde geçirilen çärelerde bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň düýp mazmuny öz beýanyny tapdy. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde möhüm pikir alyşmalar boldy, uzak möhletleýin geljege gönükdirilen taslamalara garaldy, DÇBÖBD-niň ykdysady ösüşine baha berildi we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi, iň esasysy bolsa, halkara dialogyň, hyzmatdaşlygyň täze köprüleri guruldy.

“Türkmenistan bu halkara ähmiýetli forumy kabul edendigine buýsanýar” diýip, wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi hem-de maslahata gatnaşyjylaryň ählisine hoşallyk bildirdi.

Soňra ýokary wekilçilikli maslahatyň jemleýji dabarasynda çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima söz berildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bu forumyň ýokary guramaçylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip, Awazanyň DÇBÖBD üçin durnukly ösüşe bolan umydyň we umumy maksada ymtylyşyň nyşanyna öwrülendigini, bu ýerde geçirilen forumyň halkara jemgyýetçiligiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 32-sinde ýaşaýan 600 milliona golaý adamyň abadançylygy ugrundaky tagallalaryny birleşdirendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, forum anyk maksatlara gönükdirilip, inklýuziwligi bilen tapawutlandy. Onuň dowamynda döwlet ýolbaşçylary bilen bir hatarda, parlamentarileriň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň wekilleriniň, ýaşlaryň, zenan ýolbaşçylaryň çykyşlary diňlenildi, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmegiň meseleleri halkara jemgyýetçilige ýetirildi.

“Baýdaklaryň düşürilmegi bilen, bu möhüm halkara maslahat öz işini jemleýär. Emma bu DÇBÖBD üçin täze döwrüň, olaryň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny aňladýar. DÇBÖBD geografik taýdan çäkli mümkinçiliklere eýe bolsalar-da, olaryň ykdysady mümkinçilikleri çäksizdir. Dogry hyzmatdaşlyk, dogry maýa goýumlar we dogry goldaw bilen olar öz halklary üçin ýagty geljegi üpjün edip bilerler” diýip, Rabab Fatima belledi we foruma işjeň gatnaşandyklary, pikirlerini we tejribelerini paýlaşandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, harby orkestr dabara sazyny çalýar. Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklary düşürildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......