Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy

  • 09.10.2024 11:34
  • 14k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglaýandygyny habar berdi. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň Baştutany bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, söhbetdeşler dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, hususan-da, ýakynda wagtda geçiriljek möhüm ähmiýetli çäreler barada pikir alyşdylar.
Rejep Taýyp Ärdogan ýakyn wagtda Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek halkara forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we geljek nesillere ýetirmekde mynasyp goşant goşandygyny, köp işleri bitirendigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Ärdogany ýubileý medaly bilen tüýs ýürekden gutlap, beýik akyldar şahyrymyza hem-de türkmen medeniýetine goýýan sarpasy üçin Türkiýäniň Prezidentine we doganlyk türk halkyna minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyndan Emine Ärdogana salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen ata Watany Türkmenistana gelip görmegine garaşýandygyny aýtdy.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......