Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe bilen gatnaşyklary ösdürmäge şahsy goşandy üçin Ärdogana minnetdarlyk bildirdi

  • 30.06.2025 10:10
  • 12k+

29-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dialog uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Halklarymyzyň dil, medeniýet, ruhy taýdan umumylygy döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ýardam berýär. Iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli amala aşyrýan özara saparlary, pudaklaýyn edaralaryň arasyndaky maslahatlaşmalar we gepleşikler hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.
Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......