Türkiye Gara deňzinden 30 milliard dollarlyk täze gaz gorlaryny tapdy

  • 20.05.2025 15:38
  • 8.9k+

Türkiye Gara deňzinden tebigy gazyň uly ýatagyny tapdy. Bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi.

Türkiýäniň baştutanynyň sözlerine görä, “Göktepe-3” guýusyndaky ýatakda 75 milliard kub metr gaz bar diýip hasaplanýar. Goruň ykdysady gymmaty 30 milliard dollardyr.

"Bu ýatak öý hojalygymyzy, takmynan, üç ýarym ýylyň dowamynda gaz bilen üpjün etmäge ýeter" – diýip, Ärdogan X sosial ulgamynda ýazdy.

Prezident 27-nji martda guýuda buraw işleriniň başlanandygyny we 16-njy maýda 3500 metr çuňlukda tamamlanandygyny habar berdi. Uly göwrümli geologiki gözleg işleri başlanaly bäri Türkiye Ortaýer deňzinde 11, Gara deňizde 38 guýy burawlady.
Ärdoganyň sözlerine görä, Gara deňzinde bar bolan gaz ýataklary eýýäm 4 million hojalygy ýangyç bilen üpjün edýär. Olar her ýylda 9,5 milliard kub metr gaz berýär. Hökümet bu göwrümi 2028-nji ýyla çenli dört esse artdyrmak isleýär.

"Biz öz ýolumyzy dowam etdireris. Maksadymyza ýetýänçäk, ýagny Türkiýäniň doly energiýa garaşsyzlygyny gazanýançak, tankytçylaryň we päsgelçilikleriň basyşlaryna ähmiýet bermezden, öňe gideris" – diýip, Ärdogan nygtady .


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....