«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

  • şu gün 15:16
  • 2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we olaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalary bilen birnäçe şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada TDH habar berýär.

Şeýlelikde, nebitgaz pudagynda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konsernine öz garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri üçin zerur bolan degişli möçberdäki polat turbalary satyn almak barada Hytaýyň «Julong Steel Pipe Co., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şonuň bilen birlikde, «Türkmennebit» döwlet konsernine ulanyş we gözleg-barlag guýularynda gazuw işlerini geçirmek üçin zerur bolan degişli möçberdäki oturtma we buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Wuxi SP. Steel Tube Manufacturing Co., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resminamalara laýyklykda, şertnamalar degişli döwlet konsernleriniň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.


düýn 21:08
9.1k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.8k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...