OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

  • 08.06.2026 19:01
  • 5k+

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi.

Ylalaşyga gatnaşyjylar Saud Arabystany, Russiýa, Yrak, Kuweýt, Gazagystan, Alžir we Oman döwletleridir. Bu çözgüt onlaýn duşuşygyň barşynda kabul edildi. Ýurtlaryň indiki geňeşini 5-nji iýulda geçirmek meýilleşdirilýär.

Russiýanyň iýul aýyndaky nebit öndürijiligi gije-gündizde 62 müň barrel artar we 9,8 million barrel bolar. Saud Arabystany hem çykarylyşy hut şonça möçberde artdyryp biler, bu bolsa gije-gündizde 10,3 million barrel bolup, ylalaşyga gatnaşyjylaryň arasyndaky iň ýokary görkezijidir.

Iň az kwota Oman üçin göz öňünde tutulandyr. Iýul aýynda bu ýurt gije-gündizde 831 müň barrel nebit çykaryp biler, bu bolsa iýun aýyndakydan 5 müň barrel köpdür.

Birleşen Arap Emirlikleri 1-nji maýda OPEK-den we OPEK+-den çykdy. Guramanyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda bu ýurduň paýyna OPEK-iň önümçiliginiň umumy möçberiniň 13,5 göterimi düşüpdi.


20.06.2026 11:54
5.5k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......