Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy platformany işläp taýýarlady. Bu çözgüt burawlamagyň parametrlerini seljermek üçin işleri togtatmak zerurlygyny aradan aýyrýar we millionlarça rubl tygşytlamaga mümkinçilik berýär diýip, TASS agentligi ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Gytaklaýyn nebit guýulary burawlanan wagtynda buraw sütünleri güýçli yrgyldaýar we dolotonyň urgulary sebäpli sarsga sezewar bolýar. Şol sebäpli optiki giroskoplar takyklygyny ýitirýär. Dogry maglumatlary almak üçin işiň gidişini yzygiderli saklamaly bolýar. Şeýle boş durmalaryň wagty bütin burawlama wagtynyň 15%-ine çenli ýetip bilýär. Şunlukda, her bir duruzma sütünleriň dökülen jynslaryň içinde gysylyp galmak töwekgelçiligini artdyrýar.
Perm politehniki uniwersitetiniň işläp taýýarlaýjylary bu meseläni çözýän giroskoplary durnuklaşdyrmagyň usulyny patentledi.
Giroskoplar we akselerometrler ýerleşdirilen platforma buraw turbasynyň içinde, elektro-hereketlendirijiniň korpusynda berkidilýär. Datçikler sütüniň aýlanyp başlandygyny anyklan pursatynda, hereketlendiriji platformany şol bir tizlikde ters ugra aýlap başlaýar, bu bolsa onuň hereketsiz galmagyny üpjün edýär.
«Bu enjam gury ýerdäki we şelfdäki islendik gytak-ugrukdyrylan guýular üçin laýyk gelýär. <…> Eger gytak guýyny burawlamak adatça 30 gün töweregi wagt alýan bolsa, onda tygşytlanan wagt 4-5 güne barabar bolar. Pul babatda aýtsak, buraw desgasynyň we işgärleriň bahasyny hasaba alanyňda, bu diňe bir obýektiň özünde onlarça million rubl tygşytlamak diýmekdir» – diýip, PNIPU-da belleýärler.