Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat we oňa bagyşlanan sergi geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary esasynda guralan bu forumyň işine ýurduň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary hem-de dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahatyň plenar mejlisinde çykyş edip, Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýurduň nebitgaz senagatyna 12 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýum goýandygyny belledi. Hazar deňzinde bilelikde işlenen ýyllarda 44 milliard kub metrden gowrak gazyň we 16 million tonna suwuk uglewodorodyň çykarylmagy esasy netijeleriň biri hökmünde görkezildi.
Häzirki wagtda «Magtymguly», «Diýarbekir», «Garagöl Deňiz» ýaly ýataklar özleşdirilýän bolsa, ýakyn wagtda «Öwez» we «Maşrykow» ýataklaryny hem senagat taýdan özleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem döwlet Baştutany «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek hem-de 11, 12, 13, 14-nji toplumlarda 2D seýsmiki işlere girişmek boýunça wezipeleriň kesgitlenilendigini nygtady.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim öz çykyşynda 1996-njy ýyldan bäri dowam edýän bu strategik hyzmatdaşlygyň iň ýokary derejä göterilendigini we «PETRONAS» kompaniýasynyň 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň düzümlerini, şol sanda nebitgaz infrastrukturasyny ösdürmäge goşant goşandygyny belledi.
Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany iki halkyň ruhy jebisligini beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Köňüller, ýürekler bir bolup başlar, // Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar» diýen şahyrana setirleri arkaly beýan etdi.
Plenar mejlisden soňra ýolbaşçylar türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany we belent mertebeli myhman Türkmenistan bilen «PETRONAS-yň» hyzmatdaşlygyna bagyşlanan pawilýona baryp gördi. Bu ýerde ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň hem giň gerimli ekspozisiýalary ýerleşdirilipdir.
Sergi bilen tanyşlykdan soň, taraplaryň arasynda möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi:
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
- «Türkmennebit» döwlet konserni, «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasy hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnama;
- «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda 2D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;
- «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali International Ventures Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyk.