Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

  • 02.06.2026 12:40
  • 3.3k+

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady.

​Bu taslamany California Resources Corporation kompaniýasynyň düzümindäki «Carbon TerraVault» bölümi durmuşa geçirýär. Desga Kern okrugynyň Elk Hills ýatagynda, Beýkersfildden takmynan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ilkinji CO2 gysyp guýmak işi şu aý başlandy.

​Kömürturşy gazy 1,5 kilometrden gowrak çuňlukda ýerleşýän, nebiti we gazy tükenen 26R gatlagynda saklanar. Mundan öň ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak baradaky agentligi kompaniýa kömürturşy gazyny ýerastynda saklamak üçin guýulary ulanmaga niýetlenen «Class VI» rugsatnamasyny beripdi.

​Taslama dört sany guýynyň burawlanmagyny göz öňünde tutýar. Ýylda takmynan 1,5 million tonna kömürturşy gazyny gysyp guýmak meýilleşdirilýär. Taslamanyň hasaplanan iş möhleti 26 ýyl bolup, saklanyljak gazyň umumy göwrümi tas 38 million tonna CO2-ä barabar bolar diýlip çaklanylýar.

​Birinji tapgyrda ýeriň astyna şol ýatakda nebit we gaz çykarylýan wagty emele gelýän kömürturşy gazy gysylyp guýlar. Geljekde bolsa bu ýere beýleki senagat zyňyndylarynyň çeşmeleri hem birikdirilip bilner.

​Kompaniýa Kaliforniýada ýene-de sekiz sany şeýle saklaw nokadyny döretmek üçin arza tabşyrdy. Olaryň umumy sygymlylygy takmynan 352 million tonna CO2 bolmagy mümkin.


20.06.2026 11:54
4.8k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.5k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......