Ärdogan: Türkiye 2028-nji ýyla çenli eksportyny 400 milliard dollara ýetirer

  • 20.06.2023 12:14
  • 10k+

Türkiýäniň eksporty 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 265 milliard dollara ýeter diýlip garaşylýar. 2028-nji ýyla çenli ony azyndan 400 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär.

"Çylşyrymly halkara ýagdaýyna garamazdan, şu ýylyň aýagyna çenli eksportymyzy 265 milliard dollara ýetirmek isleýäris, indiki ýyl 285 milliard dollara ýetmegi meýilleşdirýäris. Soňky 11 çärýegiň dowamynda ykdysadyýetimiz ösmegini dowam etdirdi. 2028-nji ýylda maksadymyz - 400 milliard dollar we ondanam köp"- diýip, Ärdogan belledi.

Ol hümmetsizlenmegi peseltmek - ýurduň maý aýynda geçirilen parlament we prezident saýlawlaryndan soň döredilen täze hökümetiniň esasy meseleleriniň biri diýip atlandyrdy. "Hümmetsizlenmek meselesini biz ýene-de kesgitli görkezijä getireris" – diýip, Ärdogan nygtady.


13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

27.05.2026 14:21
5.5k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......