Bir köpek Hindistanda süýşgün wagty onlarça adamyň halas bolmagyna kömek etdi

  • 12.07.2025 19:29
  • 23k+

Hindistanyň Himaçal-Pradeş ştatyndaky Siýathi obasynda bäş aýlyk güjük süýşgün wagty 67 adamy ölümden halas etdi. Gahrymana öwrülen itiň taryhyny The Independent gürrüň berdi.

30-njy iýun gijesi birnäçe hepde ozal obada öý tapynan it gaty ses bilen üýrüp, hojaýynyny ukudan oýardy. Erkek adam diwarda jaýrygy we öýe suwuň syzýandygyny görüp, gyssagly ýagdaýda goňşulara howp barada duýdurdy.
Birnäçe minutdan palçyk akymy obany basyp, öýleriň aglabasyny weýran etdi. Diňe käbir jaýlar abat galdy.
Şol wagta çenli ýaşaýjylar Naýna-Dewi ybadathanasynda gizlenip ýetişdi. Ştatyň häkimiýetleri zyýan çeken maşgalalara 10 000 rupiýa (takmynan, 115 dollar) möçberde gyssagly kömek berdi.
20-nji iýundan bäri Himaçal-Pradeşde musson ýagyşlary sebäpli azyndan 78 adam heläk boldy. Siýathiniň ýerleşýän Mandi okrugy has güýçli zyýan çekdi. Iki hepdäniň içinde sebitde 16 süýşgün boldy, 150-den gowrak ýollar böwetlendi, ýüzlerçe öýlere bolsa zeper ýetdi ýa-da weýran boldy.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....