Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Belarus Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşdy

  • 13.07.2025 20:14
  • 32k+

12-nji iýulda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşygy boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Diplomat duşuşygyň öňüsyrasynda Belarus çagalar gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Lýudmila Kondraşowanyň Oguljahan Atabaýewa iberen minnetdarlyk hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda O.Atabaýewa gaznanyň alyp barýan işi barada aýdyp, şu ýyl Gaznanyň döredilmegine 4 ýyl dolandygyny hem-de bu geçen döwür içinde Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp ynsanperwer işleriň amala aşyrylandygyny belledi. Hususan-da, dürli kesellerden ejir çekýän ýüzlerçe çagalara kardiohirurgiki, neýrohirurgiki, ortopediki we beýleki operasiýalar geçirildi.
2023-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi açyldy. Şeýle hem onuň çäginde inklýuziw çagalar bagy hereket edýär.
Diplomat  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlardaky çagalara hem ynsanperwer kömegini berýändigini belläp, gaznanyň alyp barýan işiniň adamlary haýyr-sahawat işine ruhlandyrýandygyny we ynsanperwer jemgyýeti döretmäge ýardam berýändigini belledi.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......