Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdy

  • 30.06.2025 09:58
  • 5.9k+

29-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilip, netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Munuň şeýle bolmagyna halklarymyzyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklar ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hususy pudakda netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenildi. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda möhüm taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, kompaniýanyň işine ýokary baha berdi we toplanan oňyn netijäni nazara almak bilen, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
Işewür bildirilýän ýokary ynam, şeýle hem Türkmenistanda işlemäge döredilýän giň mümkinçilikler we şertler üçin hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.


düýn 11:32
2.2k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......