Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa agentligi ýatyrylyp, ýerine 5 sany täze düzüm döredildi

  • 12.07.2025 18:20
  • 22k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýatyrylan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işi bes edildi.
«Türkmenhowaýollary» agentligi we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi, degişlilikde, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy diýlip atlandyrylar hem-de olar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berler.

  • Mämmet Welmämmedowiç Akmämmedow Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri wezipesine bellenildi.
  • Begenç Meretgeldiýewiç Annadurdyýew Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine bellenildi.
  • Hajymyrat Şihmyradowiç Hudaýgulyýew Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellenildi.
  • Döwran Reimbaýewiç Saburow «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.
  • Azat Hallyýewiç Şanazarow Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň iki orunbasary, Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň üç orunbasary, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň iki orunbasary, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasary hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasary bolar.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde, degişlilikde:

  1. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hakynda Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini;
  2. Şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......