Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde “Çalyk Holdingiň” goşandyny belledi

  • 30.06.2025 09:54
  • 6.5k+

29-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen, şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarynda hyzmatdaş ýurtlary we kompaniýalary bilen deňhukuklylyk hem-de birek-biregiň bähbidini hormatlamak däplerinden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzda işleýän türk kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň uly goşandy bellenildi. Häzirki wagtda bu kompaniýa senagat we durmuş maksatly birnäçe möhüm desganyň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow kompaniýanyň ýurdumyzyň energetika pudagynda we saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri “Çalyk Holding” kompaniýasynyň täze tehnologiýalary we öndürijiligi ýokary enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet hem-de sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda mundan beýläk-de netijeli işleri geçirjekdigine berk ynam bildirdi.
Ahmet Çalyk bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......