Kanadadan içi hatly çüýşe Atlantikany geçip, Irlandiýa bardy. Ol 13 ýyldan soň tapyldy

  • 12.07.2025 19:27
  • 20k+

Irlandiýadan är-aýal Jon we Keýt Geý Atlantik ummanynyň günbatar kenarynda 2012-nji ýylda kanadaly jübüt tarapyndan Bell-Aýlend adasyndan iberilen içi hatly çüýşäni tapdy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Çüýşäniň içinde aşyklar tarapyndan duşuşygyň dowamynda ýazylan romantiki ýazgy we görkezilen belgi boýunça habarlaşmak haýyşy bardy. Bu belgä jaň etmek başartmady, şonuň üçin Geý tapyndyny sosial ulgamlarda paýlaşdy. Post derrew ýaýrady we tiz wagtdan hatyň awtorlaryny anyklamak başartdy.
Olar Bred Skuaýrs we Anita bolup, şol wagtdan bäri olar durmuş gurup, üç çagany terbiýeleýär eken. Olar bu tapynda haýran galdy. Bred Kanadanyň patyşalyk atly polisiýasynyň öňki işgäri, Anita bolsa şepagat uýasy bolup işleýär.

“Biz ýönekeý bir ýaş aşyklardyk. Häzir ulaldyk, ýöne duýgular öňküligine galdy” – diýip, Bred belledi.


şu gün 13:01
1.8k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....

18.03.2026 16:49
7.2k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...