77 ýaşly amerikaly aýal öýüni satyp, syýahatçylyk gämisinden 15 ýyllyk ýer satyn aldy

  • 06.07.2025 20:05
  • 16k+

Kaliforniýanyň 77 ýaşly ýaşaýjysy Şeron Leýn öýüni satyp, Villa Vie Odyssey kruiz gämisinde ýaşamaga göçdi. Ol bu ýerde geljek 15 ýyly geçirmegi meýilleşdirýär. Onuň wakasyny NBC Los Angeles we CNN gürrüň berdi.

Gämiden otag aýala 129 999 dollara düşdi. Mundan başga-da, ol iýmit, içgiler, arassaçylyk işleri, egin-eşikleriň ýuwulmagy, internet we dynç alyş (gämide janly aýdym-saz bilen konsertler we beýleki şüweleňler gurnalýar) üçin aýda 3000 dollar tölemeli bolar. Eger iki bolup ýaşasaň, bu mukdar adam başyna 2000 dollar bolýar. Deňze bakýan iň gymmat otaglar 169 000 dollardan başlaýar, olar üçin aýlyk töleg 500 dollar gymmatdyr. Satyn alnan otaglary islän ýagdaýyňda beýleki syýahatçylara kireýne bermek bolýar.
Leýn bu arzuwy üçin ähli emlägini diýen ýaly sarp edendigini aýtdy.

“Maňa indi kir ýuwmak gerek däl. Azyk satyn almaga gitmek gerek däl. Eger siz kagyz ýüzüne edilmeli işleriň sanawyny ýazyp, gyzykly däl zatlaryň ählisiniň üstüni çyzsaňyz, siz biziň häzirki durmuşymyzy alarsyňyz” – diýip, ol belledi. Pensioner aýalyň aýtmagyna görä, gämidäki ýaşaýyş oňa Günorta Kaliforniýada galmakdan arzan düşer, sebäbi tölege ähli iýmit we hojalyk çykdajylary girýär.

Öňki daşary ýurt dili mugallymy 16-njy iýunda borta çykdy. Çagalary we agtyklary onuň gelen netijesini goldady. Ol köp gyzykly ýerleri görmegi umyt edýär: gämi Täze Zelandiýadan başlap, Ýaponiýa çenli dünýäniň dürli portlarynda birnäçe gün galar, ýolagçylar bolsa ekskursiýa gidip biler.
Bortda eýýäm şeýle durmuşy saýlap alan köp pensioner ýaşaýar.

“Biziň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi, Ak tamyň administrasiýasynyň başlygy, astronawt we alymlar ýaly köpdürli jemgyýetimiz bar” – diýip, Şeron belledi.

Villa Vie Odyssey 2024-nji ýylyň sentýabrynyň ahyrynda ýüzüşe ugrady. Gämi The World-dan soň dünýäde ikinji ýaşaýyş gämisi boldy. Bu gämide ýaşaýyş has gymmata düşýär – ol 2,5 mln dollardan başlaýar. 


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......