Daşary işler ministrligi ukrain teleýaýlymynda Türkmenistan barada berlen ýalan habar boýunça ýazgarma bilen çykyş etdi

  • 09.07.2025 01:20
  • 25k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan barada ýaýradylýan maglumatlar bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi.

Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda «FREEДОМ» ukrain teleýaýlymynda Türkmenistanyň internete elýeterlilik nukdaýnazaryndan göýä “ýapyk ýurt” hökmünde görkezilmegi bilen bagly hakykata laýyk gelmeýän we bir taraplaýyn häsiýetli maglumata düýpli nägilelik bildirýär.

"Munuň ýaly ýagdaýy aýratyn geň galdyrýan zat – şu günki Türkmenistan barada hakyky düşünjesi bolmadyk, ýurdumyza hiç haçan sapar etmedik, onuň döwlet we jemgyýetçilik düzümleri hem-de türkmen metbugat wekilleri bilen aragatnaşyk saklamaýan bir teleýaýlymyň wekilleri beýle maglumatlary ýaýratmaga nähili hukuk bar?!" diýlip, DIM-niň beýannamasynda aýdylýar.

Türkmenistanyň DIM-i «FREEДОМ» teleýaýlymynyň bu görnüşli galp we ýoýulan maglumatlary ýaýratmagynyň ilkinji gezek däldigini belleýär. Bu hereketler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň dowamynda ukrain halkyna yzygiderli görnüşde berip gelen ykdysady we ynsanperwer goldawynyň çäginde bolup geçýär.
1990-njy ýyllardan başlap Türkmenistan Ukraina uly möçberde tebigy gaz iberipdi. Şonuň bilen birlikde, ukrain kompaniýalarynyň birnäçesi energetika, ýol-ulag, aragatnaşyk, infrastruktura we beýleki ugurlar boýunça ýurdumyzda milliardlarça amerikan dollaryna deň bolan iri taslamalary amala aşyrdy. Olaryň birnäçesi häzirki güne çenli işini dowam etdirýär.

"Aýdylanlary nazara alyp, käbir habar beriş serişdeleriniň wekilleri “ýagşylyga – ýagşylyk bilen jogap bermeli” diýen ajaýyp hakykaty ýatlarynda saklasalar ýerlikli bolar" diýip, beýannamada aýdylýar.

Ýokarda agzalanlara laýyklykda, türkmen tarapy Ukrainanyň maglumat syýasatyna jogapkär degişli döwlet edaralaryndan şuňa meňzeş wakalaryň geljekde gaýtalanmazlygy üçin ukrain kanunçylygynyň çäginde zerur çäreleri görmegini talap edýär.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......