Tehasdaky suw joşmasynyň ýetiren zyýanlary kosmosdan görkezildi

  • 11.07.2025 14:30
  • 20k+

Maxar Technologies kompaniýasy ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky güýçli suw joşmasynyň netijelerine degişli düşüren hemra suratlaryny çap etdi.

Suratlar uzak wagtlap ýagan ýagyş sebäpli suwuň derejesiniň birden ýokarlanmagy bilen bagly Gwadelupe derýasynyň uzaboýundaky ýerleriň üýtgändigini görkezýär.
Resmi maglumatlara görä, betbagtçylykda heläk bolanlaryň sany 120 adamdan geçdi. 160-dan gowrak adam dereksiz ýitdi. Heläk bolanlaryň arasynda derýanyň kenarynda ýerleşýän “Mistik” hristian tomus lageriniň azyndan 27 terbiýelenýänler we terbiýeçisi bar.
Suw joşmagy güýçli ýagyş sebäpli derýanyň hanasyndan çykmagynyň netijesinde  ýüze çykdy we kenarýaka sebitleri suw basdy, infrastruktura zeper ýetirdi. Halas ediş we gözleg işleri dowam edýär.
Maxar Technologies tarapyndan çap edilen suratlar tebigy betbagtçylygyň ýüze çykan zolagynyň öňki we soňky ýagdaýyny görkezýär.

“Mistik” lageri, 2025-nji ýylyň 8-nji iýuly / © Maxar Technologies

“Mistik” lageri silden iki ýyl öň / © Maxar Technologies

Tehas ştatynyň Hant şäherindäki Gwadelupe derýasynyň boýunda ösüp oturan agaçlar, 2023-nji ýylyň 23-nji iýuny / © Maxar Technologies

Hemra arkaly alnan surat Tehas ştatynyň Hant şäherindäki Gwadelupe derýasynyň boýunda ýykylyp ýatan agaçlary görkezýär, 2025-nji ýylyň 8-nji iýuly,  / © Maxar Technologies

Ingrem bendi 2022-nji ýylyň iýulynda / © Maxar Technologies

Ingrem bendi suw joşmasyndan soň, 2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda / © Maxar Technologies


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....