Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri birek-birege türkmen alabaýyny we türk kangalyny sowgat berdiler

  • 27.10.2023 08:23
  • 27k+

26-njy oktýabrda Ankarada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşikleriň ahyrynda sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Gardaş atly türkmen alabaýyny sowgat berdi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, eýesine wepaly, batyr alabaýlar asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepaly dosty hem-de hemrasy, ygtybarly goragçysy, kömekçisi bolupdyr. Häzirki günde alabaýlar halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan köpasyrlyk türkmen-türk dostlugynyň däplerine ygrarlylygyň özboluşly nyşany bolan bu ajaýyp sowgat üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, öz gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem hormatly Prezidentimize anadoly kangal tohumly iki sany ajaýyp güjüjegi sowgat berdi.
Döwlet Baştutany sowgat üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi hem-de bu sowgada mizemez türkmen-türk dostlugynyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......