Serdar Berdimuhamedow Türkiýä iş saparyny amala aşyrar

  • 21.10.2023 17:22
  • 22k+

25-26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrar.

Sapara görülýän taýýarlyk barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Geçen ýyllarda gol çekilen döwletara, hökümetara hem-de pudagara resminamalar toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany öňde boljak saparyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhy taýdan emele gelen umumylygyna daýanýan däp bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


şu gün 19:20
1.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......