Ärdoganyň girdejileri baradaky hasabat çap edildi

  • 03.06.2023 09:24
  • 26k+

28-nji maýda Türkiýäniň täze möhlete saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan süýşürintgi puluny milli walýutada - türk lirasynda saklaýar. Resmî Gazete hökümet gazetinde türk lideriniň prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi barada Merkezi saýlaw toparynyň çözgüdi bilen bilelikde, onuň girdejisi barada neşir edilen habarnama görä, penşenbe güni ýurduň Merkezi bankynyň hümmeti boýunça ol 1 884 878 lira ýa-da 90,6 müň dollar toplapdyr.

Ondan görnüşine görä, är-aýal Ärdoganlaryň Stambulyň Aziýa bölegindäki Uskýudar etrabynyň Kysykly diýen ýerinde bahasy 7,695 million türk lirasy (382,9 müň dollar) bolan öýi we Gara deňiz ýaka Rize welaýatynyň Dumankaýa obasynda meýdany 2 müň inedördül metr bolan, bahasy 10 müň lira (480 dollar) bolan mellegi bar.
Türkiýäniň Prezidenti, jarnamadan görnüşi ýaly, Mustafa Ärdogan diýen birine 5 million türk lirasy (240,3 müň dollar) bergisi bar. Onuň döwlet baştutanynyň haýsy garyndaşy bolýandygy entek belli däl. Halk TV teleýaýlymy munuň Ärdoganyň metbugatda ady agzalmaýan doganydygyny aýdýar.
Türkiýäniň Merkezi saýlaw topary penşenbe güni 28-nji maýda geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň jemleýji netijelerini yglan etdi. Ärdogan 52,18% ses, onuň bäsdeşi, oppozisiýanyň lideri Kemal Kylyçdaroglu bolsa 47,82% ses aldy.


13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......