Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 10.04.2024 23:02
  • 12k+

Şu gün, 10-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, şu mukaddes baýramda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň we onuň maşgalasynyň adyndan gutlaglary kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy we ýakynda maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hanym Emine Ärdogana mukaddes Gadyr gijesi we Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny hem-de gutlaglaryny iberendigini belledi. 
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň Prezidentiniň dogaýy salamyny we bu mukaddes baýram mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de häzirki wagtda türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.
Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, uzakmöhletleýin, strategik ýörelgeler esasynda guralýan köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki doganlyk halkyň diliniň, medeniýetiniň we ruhy taýdan umumylygynyň bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigi bellenildi.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......