Alymlar wagtyň azalandygyny subut edip, indi sekunty hasapdan aýyrmak isleýärler

  • 29.07.2025 12:15
  • 16k+

Ýer öňküden çalt aýlanýar we bu taryhda ilkinji gezek global wagtdan sekunty aýyrmagyň zerurlygyna getirip biler. Bu barada Ýeriň aýlanyşy we hasaplaýyş ulgamlarynyň halkara gullugynyň (IERS) we ABŞ-nyň Harby-deňiz obserwatoriýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, CNN habar berýär.

2025-nji ýylda alymlar adatdan daşary gysga günleri hasaba aldy. Iň gysga gün 10-njy iýulda boldy – ol adaty 24 sagatdan 1,36 millisekunt ir gutardy. Şeýle-de, 22-nji iýul adatdakydan gysga boldy, 5-nji awgust hem şeýle bolar.
Ýeriň çalt aýlanmagynyň sebäbi hökmünde Aýyň grawitasiýa täsiri, möwsümleýin atmosfera üýtgemeleri we planetanyň içki suwuk ýadrosyndaky prosesler görkezilýär. Tapawudyň bary-ýogy millisekuntdygyna garamazdan, ol hemralaryň, GPS nawigasiýasynyň, aragatnaşygyň, maliýe amallarynyň we atom sagatlarynyň takyklygyna bagly beýleki ulgamlaryň işi üçin möhümdir.
1972-nji ýyldan başlap Ýeriň aýlanmagynyň haýallamagynyň öwezini dolmak üçin global koordinirlenen wagta (UTC) 27 goşmaça sekunt goşuldy. Ýöne 2016-njy ýyldan bu zerur bolmady, çünki planeta çalt aýlanyp başlady. Indi alymlar bu tendensiýa dowam etse, 2035-nji ýyla çenli sekunt aýyrmak zerurlygynyň 40%-e ýetjekdigini duýdurýar. Bu hem 2000-nji ýylyň meselesi ýaly sanly ulgamlarda bökdençliklere getirip biler.
Ylmy gözleg klimatyň üýtgemeginiň hem Ýeriň aýlanmagyna täsir edýändigini görkezdi. Grenlandiýada we Antarktidada buzluklaryň eremegi planetanyň massasynyň paýlanyşyny üýtgedip, tizlenmäni gowşadýar. Alymlaryň pikiriçe, bu proses bolmazdan, otrisatel sekunt eýýäm häzir gerek bolardy.


düýn 11:37
4.3k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
3.2k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.7k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.4k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......