Alymlar 200 ýyldan gowrak ozal ýok bolan gök antilopany «direltmek» isleýär

  • 06.05.2026 11:59
  • 6.2k+

Amerikanyň Colossal Biosciences biotehnologiýa startapy ýok bolup giden gök antilopany «direltmekçi» bolýandygyny mälim etdi. CNN teleýaýlymynyň habar bermegine görä, bu taslama kompaniýanyň ýitirilen biologik görnüşleri «gaýtadan dikeltmekde» nobatdaky ädimi bolar.

Gök antilopalar häzirki Günorta Afrikanyň çäklerinde ýaşapdyr we takmynan, 1800-nji ýyldan bäri dolulygyna ýitip giden hasaplanýar. Bu haýwan öz adyny tüýüniň täsin gögümtil reňki sebäpli alypdyr. Häzirki wagtda dünýäde bu görnüşe degişli bary-ýogy dört sany gäp saklanyp galyp, olar Şwesiýanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň we Niderlandlaryň tebigy ylymlar muzeýlerinde ýerleşýär. Bu nusgalar alymlar üçin genetiki materialyň esasy çeşmesi bolar.

Görnüşi gaýtadan dikeltmek prosesi genomy redaktirlemek tehnologiýalaryny ulanmagy göz öňünde tutýar. Colossal Biosciences kompaniýasynyň hünärmenleri saklanyp galan galyndylardan DNK-ny almagy we antilopanyň häzirki wagtda ýaşaýan iň ýakyn kowumdaşlaryny surrogat göterijileri hökmünde ulanmagy meýilleşdirýär.

Kompaniýanyň wekilleri gök antilopanyň taryhy ýaşaýyş gurşawyna dolanmagynyň sebitiň ekoulgamyny dikeltmäge ýardam etjekdigini belleýär. Taslamanyň öňde goýan maksady örän uly bolsa-da, ol ylym äleminde etika we gaýtadan döredilen görnüşleriň häzirki zaman şertlerinde uzak wagtlap ýaşap bilmegi bilen baglylykda dürli çekişmeleri döredýär.


düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.7k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......