Barlag: Internetdäki anonimlik ýaşlaryň özüne erk ediş derejesini peseldýär we agressiýany artdyrýar

  • 11.05.2026 11:45
  • 2.4k+

Internetde anonimlik aýdylýan sözler üçin jogapkärçiligi ep-esli peseldýär we ýaşlaryň arasynda özüňe erk etmegiň derejesini gowşadýar, sözde haýbat atmagyň we trollingiň artmagyna sebäp bolýar.

Moskwanyň Psihologiýa we pedagogika döwlet uniwersitetiniň (MGPPU) russiýaly bilermenleri şeýle netijä geldiler. Olar öz barlaglarynyň netijelerini "Dil we tekst" žurnalynda çap etdiler.

Alymlar lakamlaryň aňyrsynda gizlenmegiň ýaşlaryň hakyky durmuşda kabul edilen jemgyýetçilik kadalaryny äsgermezlik etmegine mümkinçilik berýändigini, bu bolsa zyýanly mazmunyň we ýalňyş maglumatlaryň ýaýramagyna getirýändigini anykladylar.

Bu synaga 18-22 ýaş aralygyndaky 179 talyp gatnaşdy. Bu barlag iki tapgyrdan ybarat boldy: deslapky pikirsoraşma we ýiti temalar boýunça işjeň internet çekişmesi. Gatnaşyjylar iki topara bölündi: "anonim" gatnaşyjylar ýalan atlar bilen aragatnaşyk sakladylar, gözegçilik topary bolsa hakyky sosial media profillerini ulandy.

30 minutlyk söhbetdeşlikleriň lingwistik seljermesi toparlaryň hereketlerinde düýpli tapawudy ýüze çykardy. Anonim toparda gaharly habarlar umumy habarlaryň 45%-ini düzdi (bu gözegçilik toparynda 18%-di), şeýle hem tekstleriň 30% -inde gödek sözler hasaba alyndy, bu açyk maglumatly toparyň görkezijisinden dört esse ýokarydy.

Psihologlar wizual aragatnaşygyň ýoklugynyň we lakamyň "nikabynyň" ylalaşyp bolmajak garaýyşlaryň diňe berkidilýän “ýaň-kameralarynyň” döremegine goşant goşýandygyny belleýärler. Mazmunyň seljerme maglumatlary anonim gatnaşyjylaryň 70%-iniň öz sözleri üçin jogapkärçiligiň örän pes derejesini görkezendigini tassyklady.

Russýaly alymlaryň pikirine görä, bu barlaglaryň netijeleri sanly gurşawda negatiw hereketleriň öňüni almak üçin täze çäreleri işläp düzmegiň zerurdygyny görkezýär we sanly pedagogikanyň ösmegi üçin mümkinçilikler döredýär.


şu gün 12:00
2.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:40
3k+

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......