Reňkli plastikleriň tozany atmosferany aşa gyzdyryp başlady

  • 12.05.2026 08:11
  • 3.6k+

Hytaýyň we ABŞ-nyň alymlarynyň bilelikde geçiren barlagy atmosferadaky reňkli plastik bölejikleriniň howanyň üýtgemegine çaklanyşyndan has güýçli täsir edýändigini ýüze çykardy. Barlagyň beýany Nature Climate Change žurnalynda çap edildi.

Anyklamalara görä, beýleki plastiklere garanyňda reňkli plastikler özlerine Günüň şöhlesini takmynan 75 esse güýçli siňdirýärler. Global derejede alanyňda, bu plastikleriň atmosferany gyzdyryş ukyby adaty gara gurumyň gyzdyrma täsiriniň 16 göterimine deňdir. Ýöne käbir ýerlerde, meselem, Ýuwaş ummanynyň belli bir zolaklarynda, bolsa, ondan-da kän – 4,7 esse köpdür.

Häzirki wagtda örän ownuk nanoplastikler (1 mikrometrden kiçi) we mikroplastikler (5 millimetre çenli) hemme ýerde – atmosferada-da, ummanlarda-da bar. Öňler olaryň global maýyllyga täsiri örän az diýlip hasaplanan bolsa, täze maglumatlar bu bölejikleriň aglabasynyň reňklidigini we şonuň üçin ýylylygy özünde saklamaga ukyplydygyny görkezýär. Bu bolsa göze görünmeýän tozanlary howa ulgamynyň işjeň elementine öwürýär.

Bu ýagdaý, aýratyn-da Ýuwaş ummanyndaky äpet zibil üýşmekleriniň bar ýerlerinde belli-beter görünýär. Güýçli şemallar uly mukdardaky plastigi howa galdyrýarlar. Alymlar 2023-nji ýyldaky güýçli taýfunyň atmosferadaky nanoplastik mukdaryny 51 göterim töweregi artdyrandygyny hasaba aldylar. Şeýle tebigy hadysalar netijesinde emele gelýän hapalanmalar gysga möhletli bolsa-da, şol zolakdaky howa şertlerine uly täsir edýär.

Barlagyň awtorlarynyň biri, atmosferany öwreniji alym Hunbo Fu: «Plastik hapalanma meselesi diňe bir mawy ummanlarda däl, eýsem depämizdäki asmanda hem bar. Şony nazarda tutup, howa çaklama modellerini täzelemegiň wagty geldi» diýip nygtamak bilen, ýagdaýa çynlakaý çemeleşmäge çen bolandygyny syzdyrýar.


22.06.2026 23:12
4.1k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

18.06.2026 09:51
2.9k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......