Alymlar şäher guşlarynyň erkeklerden däl-de, aýallardan has gorkýandygyny anykladylar

  • 08.05.2026 01:02
  • 5.2k+

Biologlaryň halkara topary şäher guşlarynyň adamlary jynsyna görä kabul edýändigini anykladylar. Şoňa görä, guşlar aýallara has atiýaçly çemeleşýärler we erkeklere garanyňda, olaryň özlerinden daşrakda duranlaryny kem görmeýärler.

Barlaglar Çehiýada, Fransiýada, Germaniýada, Polşada we Ispaniýada geçirildi. Şäher seýilgählerinde boýlary deň we meňzeş geýnen erkekler we aýallar gönümel guşlara tarap ýörediler. Alymlar guşlaryň haýsy aralykda uçup gidýändigini, ýagny «uçuşyň başlanma aralygyny» ölçediler.

Netijede ortaça hasap bilen, guşlar erkekleri aýallara garanyňda takmynan bir metr has golaýa goýberdiler. Bu görkeziji öwrenilen guşlaryň 37 görnüşiniň (serçeler, garaguşlar, gumrular, saýrak guşlar we beýlekiler) hemmesi üçin tassyklanyldy.

Barlagda jemi 2701 sany ölçeg işi geçirildi we netijeler People and Nature žurnalynda çap edildi.

Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Daniel Blümşteýn bu maglumatlara ynanýandygyny, emma muny häzirlikçe düşnükli teswirläp bilmeýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, netijeler dürli şäherlerde we dürli guş görnüşlerinde meňzeş bolup çykdy.

Doktor Ýanina Benedetti hem bu netijelere geň galandygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, barlag haýwanlaryň adamlary jynsyna görä saýgarýandygyny aýdyň görkezýär. Munuň sebäpleri hökmünde yslar (feromonlar), ýöreýiş aýratynlyklary ýa-da beden gurluşy ýaly çaklamalar öňe sürülýär. Ýöne bular hem entek diňe gipotezalygyna galýar.

Doktor Federiko Morelli-de öz gezeginde bu täsin hadysanyň häzirlikçe ylmy düşündirişiniň ýokdugyny nygtaýar. Alymlar guşlaryň anyk haýsy signallary kabul edýändigini we saýgarýandygyny bilmek üçin barlaglary dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.


20.06.2026 20:25
10k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.8k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......