Arkadag şäherinde täze şaýoly we döwrebap köpri açyldy

  • 31.07.2025 08:45
  • 15k+

30-njy iýulda Arkadag şäherinde täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy boldy.

Durky düýpli täzelenen Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň açylyş dabarasy belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen başlandy. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan bina edilen bu köpriniň ikitaraplaýyn ýolunyň her tarapynyň gatnaw böleginiň ini 12 metrden gowrak bolup, onuň bölüji zolagynyň ini 5 metre deňdir. Köpriniň her tarapynda ýanýodalar gurlupdyr, ýaşyl zolaklar döredilipdir. Gökdepe şaýoly bilen Keýmir kör şaýolunyň kesişýän ýerinde uzynlygy 627 metr, ini bolsa 29,5 metr bolan köpriniň beýikligi 9 metre barabardyr. Köpriniň üstünde we aşagynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün edýän ýollar häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlupdyr.
Şaýollaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, bu desgalaryň Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi gurluşykçy telekeçileriň öňde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmäge ukyplydyklaryny we olaryň bu ugurdan baý tejribe toplandyklaryny görkezýär. Munuň özi hususyýetçileriň netijeli işlemekleri ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň öz miwesini berýändiginiň aýdyň nyşanydyr.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....