Kamçatkada 8,7 bal ululykda güýçli ýertitreme boldy. Ol 1952-nji ýyldan bäri iň ulusy

  • 30.07.2025 12:59
  • 17k+

30-njy iýula geçilen gije Kamçatkanyň (Russiýa) kenaryndan 161 km uzaklykda 32 km çuňlukda 8,7 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Bu 1952-nji ýyldan bäri iň güýçli ýertitreme boldy diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Geofizika gullugynyň şahamçasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Seýsmiki hadysanyň güýjüni Ýewropa-Ortaýer deňziniň seýsmologiýa merkezi (EMSC) hem tassyklady. Hünärmenler Kamçatkadaky ýertitremeden soň 7,5 bala çenli ululykda güýçli sarsgynlaryň azyndan bir aý dowam etjekdigini belleýär.
Ýerasty sarsgynlardan soň häkimiýetler Kuril adalarynda sunami howpuny yglan etdi. Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrlik 32 sm çenli tolkunlaryň bolup biljekdigini duýdurdy we ýaşaýjylara kenardan uzakda durmagy, gämilere bolsa ummana gitmegi maslahat berdi.
Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde sarsgynlaryň netijesinde çagalar baglarynyň biriniň fasady ýumruldy, şeýle-de käbir sagaldyş merkezleriniň we jemgyýetçilik edaralarynyň binalarynda jaýryklar peýda boldy. Birnäçe adam zyýan çekdi. Häkimiýetler 2,7 müň adamy howpsuz ýerlere ewakuasiýa etdi.
Sunami howpy Ýaponiýada, Çilide, ABŞ-da, Meksikada, Peruwda, Ekwadorda, Hytaýda we beýleki ýurtlarda hem yglan edildi. Käbir sebitlerde ýaşaýjylara howpsuz ýerlere aşmak maslahat berildi. Köp sebitlerde üç metrlik tolkunlar bilen güýçli suwuň gelmegine garaşylýar.
Ýaponiýada “Fukusima-1” AES-den arassalanan suwuň akdyrylmagy togtadyldy, ýurduň merkezi we demirgazyk-gündogar böleginde tiz otlularyň hereketi hem wagtlaýyn bes edildi, Sendaý şäherindäki howa menzili ýapyldy. Bolup geçen hadysadan soň Ýaponiýanyň kenaryna dört kit zyňyldy.
ABŞ-da sunami barada duýduryş Gawaýide yglan edildi. Gawaýiniň häkimiýetleri ýaşaýjylary kenarýaka sebitlerinden gaýtmaga çagyrdy. Gyssagly gulluklar tolkunyň Hanaleýi we adanyň tutuş kenaryny basyp biljekdigini duýdurdy. Milli meteorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, howp birinji tolkundan soň uzak wagtlap saklanyp biler. Sunami barada duýduryş Alýaskada hem yglan edildi. 


düýn 18:53
8.7k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.4k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.5k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......