Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny öňe sürdi

  • 05.08.2025 14:33
  • 8.7k+

Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda açylan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.

Döwlet Baştutany öz çykyşynda BMG-niň esasy maksatnamalarynyň, şol sanda Durnukly ösüş boýunça gün tertibi we gelejek üçin Paktyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan bu halkara forumyň ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşiniň ynsanperwer, ykdysady, sosial we daşky gurşaw bilen bagly taraplaryna hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow adamlary goramaga we goldamaga, olaryň potensialyny ösdürmäge, ýokary derejeli lukmançylyk kömegini we sosial goraglylygy üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik syýasatyna aýratyn ünsi çekdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň halkara ulag geçelgelerinie elýeterliligiň çäkli bolmagy bilen baglanyşykly bar bolan kynçylyklaryny belläp geçdi. Bu kynçylyklar ynsanperwer we lukmançylyk kömegini, şeýle hem sosial infrastrukturanyň durnuklylygyny kynlaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan amaly çözgütleri hödürlemäge we BMG-niň degişli düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlyga başlamaga taýýardygyny aýtdy.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow öz çykyşda halkara ulag hyzmatdaşlygynyň ösmeginde Türkmenistanyň işjeň ornuna ünsi çekdi - BMG-niň ştab-kwartirasynda durnukly ulaglar boýunça ilkinji ählumumy konferensiýadan başlap deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin ulaglar boýunça administratiw ýygnakdan geçirilmegine çenli.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem 2024-nji ýylda Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet forumynda çykyş eden Türkmenistanyň durnukly ösüş we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary integrirlemek boýunça halkara hyzmatdaşlygyň täze görnüşini döretmek baradaky öňe süren teklibi barada ýatlatdy.
Döwlet baştutany Türkmenistanyň global kynçylyklary çözmäge we ähli halklaryň bähbidi üçin halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga işjeň goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.


düýn 18:04
4.1k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......