Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk boýunça forum geçirildi

  • 05.08.2025 14:06
  • 7.6k+

Şu gün Awazada ýerleşýän Kongres merkezinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmek bilen bagly çäre geçirildi. Forum Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi.

Bu çäre Hazar deňziniň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde geçirildi.
Geçen ýyllarda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklary sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli dialogynyň formasy hökmünde özüni doly derejede görkezdi. Bu duşuşyklar häzirki döwrüň wezipelerini hem-de uzakmöhletli maksatlary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam edýär.

Forumyň açylyşynda eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň üçünji maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylyga jogap beren hem-de häzirki duşuşyga gatnaşan döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirdi. Ol häzirki forumyň Tähranda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýedinji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk tapgyrydygyny aýtdy.
Çäräniň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglanyldy.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......