Türkiýe kosmosa öz raketasyny uçurmagy meýilleşdirýär

  • 02.02.2024 13:14
  • 3.5k+

Türkiýe kosmosa öz raketasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan aýtdy diýip, RIA.Nowosti habar berýär.

“Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda biz maksatnamanyň çäklerinde taýýarlan astronawtlarymyz bilen öz raketamyzy kosmosa ibereris” – diýip, Ärdogan ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Eskişehirde ýaşlaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Türkiýeli astronawtyň ilkinji uçuşy Ankara 55 mln ABŞ dollaryna düşdi, taryhy missiýanyň bahasy ony amala aşyran Axiom Space kompaniýasy tarapyndan kesgitlendi diýip, “Karar” gazeti habar beripdi. Ekipaža italiýaly uçarman Walter Willadeý, ÝKA-nyň astronawty, Şwesiýanyň raýaty Markus Wandt, şeýle-de Türkiýäniň kosmosda bolýan ilkinji raýaty – harby uçarman Alper Gezerawçi girdi. Syýahatçylaryň orbitada iki hepde töweregi bolmagy meýilleşdirilýär. Bu döwürde olar orbital stansiýanyň diňe bir gündelik durmuşyna däl, eýsem ylmy durmuşyna-da gatnaşarlar.


03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

12.03.2026 19:56
7k+

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi...

11.03.2026 23:37
6.4k+

Türkmenistanyň Baş konsuly Stambulyň häkimi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Stambul welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Ö. Jumanazarow bilen Stambulyň häkimi Dawut Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...