Türkiye 2053-nji ýyla çenli atmosfera zyýanly maddalaryň zyňylmagyny nola çenli azaltmagy meýilleşdirýär

  • 02.12.2023 17:16
  • 6.1k+

Türkiýe 2053-nji ýyla çenli atmosfera zyýanly maddalaryň zyňylmagyny nola getirmegi meýilleşdirýär. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň 28-nji konferensiýasynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bu barada habar berdi. TRT Haber teleýaýlymy ony ýaýlyma berdi.

Ärdogan Türkiýäniň howa boýunça Pariž ylalaşygynyň çäklerindäki borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça meýilnamalary barada aýdyp: "2053-nji ýyla çenli zyňyndylary nola deňlemek maksadymyza ýetmegi meýilleşdirýäris. Ýylyň ahyryna çenli atmosfera kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 66,6 million tonna azaltmagy we 2030-njy ýyla çenli zyňyndylary iki esse azaltmagy meýilleşdirýäris" - diýdi.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkiýede gaýtadan dikeldilýän energiýanyň paýy 55%. Bu görkezijä görä, ol Ýewropada bäşinji we dünýäde 12-nji ýerde durýar.
Türk häkimiýetleri ozal Gün we ýel energiýasy ýaly täzelenip bilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek üçin 10 ýylda takmynan 1 trillion dollar maýa goýmak meýilnamasyny yglan etdiler.
Ärdoganyň sözlerine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Stambulda howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara bilermenler toparynyň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem Türkiýe 2026-njy ýylda BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça 31-nji konferensiýasyny geçirmegi teklip etdi.


13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....