Ärdogan Türkiýäniň prezident saýlawlarynyň ýeňijisi diýlip gutarnykly ykrar edildi

  • 02.06.2023 01:11
  • 14k+

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 28-nji maýda geçirilen ses berişligiň ikinji tapgyrynyň jemi boýunça döwlet baştutanynyň saýlawlarynyň ýeňijisi diýlip ykrar edildi. Saýlawlaryň degişli gutarnykly netijelerini Türkiýäniň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Ahmet Ýener mälim etdi diýip, TASS habar berýär.

“Komissiýa saýlawlaryň netijeleri bilen bagly kabul edilen garşylyklara garady. Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň gutarnykly netijeleri resmi gazetde çap etmek üçin iberildi. Netijelere görä, Ärdogan 52,18% ses alyp, Türkiýe Respublikasynyň saýlanan prezidenti hökmünde ykrar edildi” – diýip, Ýener belledi.

MST-nyň başlygy 28-nji maýda geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýurduň içinde saýlawa gatnaşygyň 85,72%, onuň daşynda bolsa 56,34% bolandygyny habar berdi. Jemi gatnaşyk 84,15% boldy, 54,02 mln saýlawçy ses berdi. Ärdogan 27,83 mln ses, onuň bäsdeşi Kemal Kylyçdaroglu 47,82% ýa-da 25,5 mln ses aldy.
Şeýlelik bilen, Ärdogan respublikanyň saýlanan prezidenti hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Teswirnama laýyklykda, ol 3-nji iýuna çenli parlamentde kasam kabul edip, wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge girişmeli.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......