Italiýaly awtomehanik dünýäde iň insiz awtomobili döretdi

  • 03.07.2025 17:58
  • 16k+

Italiýaly mehanik Andrea Marassi dünýäde iň insiz işleýän awtomobili döretdi. Ol 1993-nji ýylyň Fiat Panda modelini esas hökmünde ulandy.

Ulag üýtgedilenden soň, onuň ini ýarym metrden az boldy. Daşky görnüşi boýunça awtomobil adaty hetçbege däl-de, has dogrusy, karikatura meňzeýär.
Marassi taslamanyň üstünde bir ýyldan gowrak wagt işledi. Ol faralar, gapylar, üçek we tekerler ýaly ähli hakyky bölekleri saklamagy we gaýtadan ulanmagy başardy. Ýöne kuzow düýbünden üýtgedildi – ol ýokary derejede ykjamlygy gazanmak üçin kesildi we daraldyldy.
Üýtgeşik görnüşine garamazdan, ulag hereket edip, saklanyp, faralary we öwrüm görkezijilerini ýakyp bilýär. Giňişligiň çäklendirilendigi sebäpli, kapotyň aşagynda adaty hereketlendirijini oturtmak mümkin däldi. Şonuň üçin Marassi awtomobili samokatdan alnan elektrik hereketlendirijisi we 24 woltlyk batareýa bilen üpjün etdi. Bu hem 15 km/sag iň ýokary tizlikde 25 km çenli ýol berdi.
Muňa garamazdan, awtomobile ýollarda hereket etmäge rugsat berilmeýär – ol hasaba alynmady we ilkibaşda görkeziş nusgasy hökmünde döredildi.



02.11.2025 19:58
3.9k+

Maserati Italiýanyň polisiýasyna 630 at güýji bolan superkar berdi

Maserati kompaniýasy Italiýanyň polisiýasynyň Carabinieri bölüminiň hyzmaty üçin täze MC Pura superkaryny sowgat berdi. Ulag tutuş ýurt boýunça organlary we gany dessin eltip bermek üçin ulanylar. Polisiýanyň talaplaryna laýyklykda, awtoulagyň üstüne we bamperlerine goşmaça LED yşyklar ornaşdyryldy...

20.09.2025 17:48
21k+

Täsin ýaryş: iň inçe, iň gysga we iň ýasy maşyn öz arasynda ýaryş geçirdi

Italiýada adaty bolmadyk ýaryş geçirildi — oňa üç sany özboluşly Fiat Panda gatnaşdy. Ýaryşa dünýäniň iň gysga, iň inçe we iň pes maşynlary atlaryna dalaş edýän ulaglar gatnaşdy. Netijede iň gysga ulag ýeňiş gazandy...

20.07.2024 12:14
9.8k+

Italiýada Lamborghini Diablo gaýtadan dikeldilýär: 1,5 mln dollarlyk ulagdan 19 nusga çykarylar

Italiýanyň Eccentrica Cars kompaniýasy Lamborghini Diablo superkaryny gaýtadan dikeltmek taslamasynyň işläp taýýarlamagyň ahyrky tapgyrynda durandygyny tassyklady. Modelden jemi 19 nusga çykarylar, olaryň her biri...

04.05.2024 16:02
7.5k+

Italiýada betmobil äheňindäki superkarlar görkezildi. Kuwwaty - 1900 at güýji

IXBT-iň habar bermegine görä, Italýanyň Automobili Pininfarina awtoulag öndürijisi Betmeniň janköýerlerini Brýus Ueýniň we onuň alter-egosyndan ruhlanan täze B95 we Battista superkarlary bilen begendirdi. Modeller...