Maserati Italiýanyň polisiýasyna 630 at güýji bolan superkar berdi

  • 02.11.2025 19:58
  • 4.7k+

Maserati kompaniýasy Italiýanyň polisiýasynyň Carabinieri bölüminiň hyzmaty üçin täze MC Pura superkaryny sowgat berdi. Ulag tutuş ýurt boýunça organlary we gany dessin eltip bermek üçin ulanylar.

Polisiýanyň talaplaryna laýyklykda, awtoulagyň üstüne we bamperlerine goşmaça LED yşyklar ornaşdyryldy. Şeýle hem lukmançylyk ýüklerini howpsuz daşamak üçin ýörite enjamlar goýuldy. Superkar polisiýanyň Carabinieri gatnaşygynyň ýörite liwreýasy — ak üçek, gyzyl zolaklar we gullugyň nyşany bilen bezeldi.
Maserati MC Pura şu ýylyň tomsunda tanyşdyrylypdy. Ulag uglerod süýümli monokok platformasynda gurlup, 3,0 litrlik turbo V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr.
Kuwwaty — 630 at güýji, torky — 730 Nm.

Hereketlendiriji sekiz tizlikli, iki ssepleniýeli robotlaşdyrylan geçiriş bilen birleşdirilip, güýji yzky tekerlere geçirýär.
1475 kg agramy bilen superkar 2,9 sekuntda 0-dan 100 km/sag-a çykyp bilýär. Maksimal tizligi 320 km/sag-dan ýokary.


27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

20.09.2025 17:48
21k+

Täsin ýaryş: iň inçe, iň gysga we iň ýasy maşyn öz arasynda ýaryş geçirdi

Italiýada adaty bolmadyk ýaryş geçirildi — oňa üç sany özboluşly Fiat Panda gatnaşdy. Ýaryşa dünýäniň iň gysga, iň inçe we iň pes maşynlary atlaryna dalaş edýän ulaglar gatnaşdy. Netijede iň gysga ulag ýeňiş gazandy...

03.07.2025 17:58
16k+

Italiýaly awtomehanik dünýäde iň insiz awtomobili döretdi

Italiýaly mehanik Andrea Marassi dünýäde iň insiz işleýän awtomobili döretdi. Ol 1993-nji ýylyň Fiat Panda modelini esas hökmünde ulandy. Ulag üýtgedilenden soň, onuň ini ýarym metrden az boldy. Daşky görnüşi boýunça awtomobil adaty hetçbege däl-de, has dogrusy, karikatura meňzeýär...