Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

  • 11.05.2026 11:24
  • 2.6k+

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan Lamborghini Arena çäresini geçirdi. 

Baýramçylygyň maksatnamasy sant-agata-bolonýeseli brendiň eýelerine, kolleksiýaçylaryna we wepaly janköýerlerine gönükdirilendir.

Brendiň resmi ýoly 1963-nji ýylyň 7-nji maýynda, Ferruçço Lamborgini senagat liderleri bilen bäsleşip biljek sport awtoulagyny döretmek kararyna gelende başlady. Eýýäm şol ýylyň güýzünde ilkinji 3,5 litrlik V12 hereketlendirijisi işe girizildi we 350 GTV prototipi bolsa köpçülige görkezildi.

Häzirki wagtda Volkswagen toparynyň düzümine girýän brend altmyş ýyl mundan ozal döredilen gymmatlyklaryň esasynda ösmegini dowam etdirýär. Kompaniýanyň baş direktory Stefan Winkelmann 1963-nji ýyldaky garaýşyň Lamborghini kompaniýasynyň ösüşiniň esasy bolup galýandygyny belledi.

63 san brendiň häzirki zaman modelleri üçin esasy nyşana öwrüldi. Mysal üçin, gibrid giperkar Sián FKP 37-niň çäkli 63 sanysy öndürildi. Şeýle san eksklýuziw Aventador SVJ 63 seriýasynda we SC63 ýaryş awtoulagynyň adynda ulanyldy. Hatda reňk palitrasy we Ducati (Diavel we Panigale V4 modelleri) bilen hyzmatdaşlyk 1963-nji ýylyň maý aýyna degişli bolup, brendiň taryhy dowamatyny nygtaýar.
 

 


10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

27.05.2026 14:16
1.9k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......